Hytaýda çagalar üçin internetde oturmagyň wagty çäklendirilip bilner

  • 19.03.2022 18:27
  • 4.9k+

Hytaý häkimiýetleri internetiň çagalara täsirini hasam çäklendirmek isleýär. Şu maksat bilen internet hyzmatlaryny üpjün edijiler kämillik ýaşyna ýetmedikleriň onlaýn geçirýän wagtyna gözegçilik etmäge mejbur bolup biler. 

Kibergiňişlik meseleleri boýunça guramanyň (CAC) kararynyň taslamasy köpçüligiň dykgatyna ýetirildi. Düzgünleşdiriji edara ähli onlaýn oýunlary, audio we wideo mazmunly serwisleri, striming meýdançalaryny we sosial ulgamlary çäklendirmegi teklip edýär. Onlaýn hyzmatlary üpjün edijileriň ählisi çäklendiriji "ýaşlar režimini” goşmaly bolar. Mysal üçin, internet hyzmatlaryny üpjün edijiler kämillik ýaşyna ýetmedikleriň internete sarp edýän wagtyna çäk goýmaly bolarlar, şeýle-de gündelik çykdajylaryň bahasyny we onlaýn söwdanyň iň ýokary bahasyny çäklendirmeli bolarlar. 13-nji aprele çenli häkimiýetler bu başlangyç barada pikirleri kabul eder. Şol bir wagtyň özünde, “South China Morning Post” Hytaýyň Tencent we ByteDance internet ägirtleriniň “ýaşlar režimini” eýýäm girizendigini belleýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, bu çäklendirme 18 ýaşa çenli hytaýly internet ulanyjylaryň 180 millionyna täsir edip biler. Taslama neşir edilenden soň, hytaý ägirtleriniň paýnamalarynyň bahasy pese gaçdy:   Tencent-iň kagyzlary 10%, Bilibili-niňki 19%, NetEase-iňki 8% arzanlady. 

Mundan öň Hytaý häkimiýetleri çagalara hepdede üç sagatdan köp wagtlap onlaýn oýunlary oýnamagy gadagan edipdi. Oýun oýnamaga diňe anna, şenbe we ýekşenbe günleri, şeýle-de baýramçylyk günleri 20:00-dan 21:00-a çenli rugsat berilýär. 


18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....