Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň bijeleri çekildi

  • 18.03.2022 23:41
  • 13k+

Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda «Çelsi» futbol kluby ispanlaryň «Realy» bilen duşuşar. Ýaryşyň bijeleri anna güni Nýonda (Şweýsariýa) çekildi.

Çarýek finalyň beýleki duşuşyklarynda iňlisleriň «Mançester Siti» kluby ispanlaryň «Atletiko» kluby bilen, ispanlaryň «Willarealy» germanlaryň «Bawariýasy» bilen, portugallaryň «Benfikasy» iňlisleriň «Liwerpuly» bilen duşuşar.
Birinji oýunlar 5-6-njy aprelde, jogap oýunlar 12-13-nji aprelde geçiriler.
Çempionlar ligasynyň birinji ýarym final duşuşygynda «Mançester Siti»-«Atletiko» we «Çelsi»-«Real» jübütleriniň ýeňijileri duşuşar. Ikinji ýarym finalda bolsa «Benfika»-«Liwerpul» we «Willareal»-«Bawariýa» duşuşygynyň ýeňijileri duşuşar. Ýarym final oýunlary 26-27-nji aprelde we 3-4-nji maýda geçiriler.


şu gün 14:25
8.2k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 10:36
2.8k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

şu gün 09:54
1.2k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......