Hytaý Owganystandaky mis, nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek baradaky gepleşiklere başlady

  • 17.03.2022 09:47
  • 10k+

Hytaý Owganystany gözegçiliginde saklaýan «Taliban» hereketiniň (RF-da gadagan edilen terrorçylykly gurama) wekilleri bilen ýurduň iri mis ýatagy bolan Mes Aynagy peýdalanmagyň mümkinçilikleri hakynda gepleşiklere başlady diýip, Wall Street Journal habar berýär.

Ol ýer Kabulyň 40 km günorta-gündogarynda ýerleşip, peýdalanylmaýan magdanly ýerleriň arasynda metal ätiýaçlyklarynyň göwrümi boýunça iň ähmiýetlileriniň biri hasaplanýar we misiniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Şeýle-de, Pekin ýurduň demirgazyk böleginde ýerleşýän, Amyderýanyň nebit-gazly böleginde gazylyp alynýan peýdaly magdanlary özleşdirmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Bu magdan känlerine degişli gepleşikleriň başlanandygyny HHR-nyň Owganystandaky ilçisi Wan Ýuý tassyklady. Ýöne ol, maýa goýumlary özüni ödär ýaly, has bähbitli şertleriň zerurdygyny aýtdy. «Iki tarapyňam göwnejaý girdeji almagy has möhümdir» — diýip, ol belledi.

Gazetiň berýän habaryna görä, Owganystanda ýurduň demirgazygyndaky demir magdanynyň iri ýatagyny peýdalanmaga ygtyýar almak üçin Eýran hem öz gepleşiklerini geçirýär.

Ýerasty baýlyklary gazyp çykaryş işleri Owganystanda, awgustda talibanlaryň häkimiýet başyna gelmegi bilen tamamlanan uruş sebäpli, kän ýyllaryň dowamynda doňup galypdy. Şondan soň günbatar ýurtlarynyň, şol sanda amerikanyň kompaniýalary ýurtdan çykyp gitmage mejbur bolupdylar.

«Dünýäniň beýleki döwletleri peýdaly magdanlaryny gazyp alyp, ony öz ýurtlaryny ösdürmek üçin peýdalanýarka, biz 43 ýyla çeken urşa gatnaşmaly bolduk, şeýdibem biziň resurslarymyz el degrilmän galdy» — diýip, ýurduň Nebit we gazylyp alynýan peýdaly magdanlar ministri Şahabuddin Dilawar neşire habar berdi.

Owganystan dünýäde iň garyp ýurtlaryň biri hasaplanýar, emma bu ýerde altynly, gymmatbaha daşly, kömürli, nebitli, gazly, litiýli we ýerden alynýan seýrek minerally ýataklaryň bardygy anyklandy. On ýyl mundan öň amerikan ekspertleri ýurduň ähli mineral resurslarynyň bahasy 1 trln. $ diýip kesgitlediler.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......