Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Prezident saýlawlarynyň netijelerine garaldy

  • 16.03.2022 14:46
  • 15k+

15-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň — bäsdeşlik esasynda guralan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerine garaldy.

Ilki bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň netijeleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan boýunça 3460080 saýlawçydan 3362052-si ses berip, 97,17 göterim gatnaşyk boldy. Saýlawlaryň netijeleri boýunça Perhat Begenjow 2,02, Agajan Bekmyradow 7,22, Serdar Berdimuhamedow 72,97, Berdimämmet Gurbanow 2,22, Babamyrat Meredow 1,08, Hydyr Nunnaýew 11,09, Maksat Ödeşow 1,15, Maksatmyrat Öwezgeldiýew 1,16, Kakageldi Saryýew bolsa 1,09 göterim ses aldylar.

Merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň iň köpüsini — 72,97 göterimini alan dalaşgär — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edildi.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Mejlisiň deputatlarynyň, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow türkmen diplomatlarynyň we halkara hyzmatdaşlaryň, wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow bolsa harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň adyndan türkmen Liderini Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, Serdar Berdimuhamedowa iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.  


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......