Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijesi ýakyn wagtda yglan ediler

  • 14.03.2022 22:37
  • 10k+

Şu gün — 14-nji martda Aşgabatda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň netijeleri jemlenildi.

Ýeri gelende bellesek, Saýlaw kodeksiniň 45-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Demokratik, Agrar hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýalary tarapyndan dalaşgärleriň 3-si, 46-njy maddasyna laýyklykda bolsa raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgärleriň 6-sy iň ýokary döwlet wezipesine hödürlenildi we merkezi saýlaw toparynda bellige alyndy. Türkmenistanyň çäginde döredilen saýlaw uçastoklarynyň 2577-sinde we daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyňdyr konsullyklaryň ýanyndaky saýlaw uçastoklarynyň 41-sinde ses bermek üçin ähli zerur şertler üpjün edildi.  

12-nji martda geçirilen saýlawlar gününde sagat 19-a çenli hasaba alnan sesleriň umumy sany  97,12 göterime deň boldy. Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 97,68, Balkan welaýatynda 97,29, Daşoguz welaýatynda 96,80, Lebap welaýatynda 97,13, Mary welaýatynda 96,97, Aşgabat şäherinde bolsa 97,51 göterimi ses berdiler. Şeýle-de daşary ýurtdaky saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň 90,93 göterimi ses bermäge gatnaşdylar.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy şular barada aýdyp, Prezident saýlawlarynyň netijeleriniň ýakyn wagtda yglan ediljekdigini habar berdi.  


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3.2k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......