Sky News: “Çelsini” satyn almak üçin arzalar 18-nji marta çenli kabul ediler

  • 14.03.2022 15:53
  • 6.9k+

Angliýanyň “Çelsi” futbol klubuny satyn almak üçin arzalary kabul etmegiň möhleti 18-nji marta çenli uzaldylar. Ol ilki 15-nji martda tamamlanmalydy. Bu barada Sky News britan teleýaýlymy habar berýär diýip, azertag.az belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, şertnamany amal etmäge gatnaşjak Raine amerikan banky potensial alyjylary bu ädimiň Beýik Britaniýanyň Sanly tehnologiýalar, medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we sport ministrligi, şeýle-de hökümetiň maýa goýumlar boýunça döwlet kompaniýasy (UK Government Investments, UKGI) bilen ylalaşylandygyny habar berdi. Beýik Britaniýanyň häkimiýetleriniň öň mälim etmegine görä, “Çelsini” satmagyň esasy şertleriniň biri onuň patyşalykda sanksiýalara sezewar bolan eýesi Roman Abramowiçiň klub üçin berlen puly almazlygydyr. Şeýle-de, UKGI maliýeleşdirmegiň çeşmesini we serişdeleriň mundan beýläk hem ulanylmagyny tassyklap, klubuň satylmagy üçin ýörite ygtyýarnama bermeli bolar.

Mümkin bolan alyjylaryň arasynda britaniýaly maýadar Joş Harris, gurluşyk magnaty Nik Kendi we birnäçe amerikaly telekeçiler – Todd Boeli, şeýle-de Jo we Todd Rikketsler bar. 

Şertnamany “Çelsiniň” maliýe ýagdaýynyň bolmazlygynyň öňüni almak maksady bilen mümkin boldugyndan çalt ýapmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda kluba diňe oýunlary geçirmek bilen bagly işleri amala aşyrmaga rugsat berilýär. Britaniýanyň KHBS-niň bellemegine görä, sanksiýalar sebäpli “Çelsi” “Stemford Brij” stadionynyň golaýyndaky klub dükanynda petek (möwsüm üçin abonementler hereket etmegini dowam eder), ýadygärlik sowgatlaryny satmak we oýunçylar bilen şertnama baglaşmak mümkinçiligini ýitirdi.


18.05.2026 21:08
5.6k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

18.05.2026 00:06
6k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......

17.05.2026 20:11
3.9k+

Habi Alonso «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellendi

Habi Alonso 1-nji iýuldan başlap Londonyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi bolar. Klubuň metbugat gullugy ispaniýaly hünärmen bilen dörtýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi....

17.05.2026 11:50
6.3k+

Semenýonyň ajaýyp goly «ManSitä» Angliýanyň Kubogynyň finalynda ýeňiş getirdi

«Mançester Siti» futbol kluby final oýnunda Londonyň «Çelsi» toparyny 1:0 hasabynda utup, 2025/26 möwsüminde Angliýanyň Kubogyny gazandy. Duşuşyk 16-njy maýda paýtagtyň «Wembli» stadionynda geçirildi....