KHBS: Skoda kompaniýasy Scala we Kamiq modelleriniň önümçiligini togtadar

  • 14.03.2022 14:33
  • 7.2k+

Çehiýanyň awtomobil ägirdi Skoda Ukrainada ýerleşýän kärhanalardan gelýän toplumy düzüjileriň ýoklugy sebäpli Scala hetçbegini we Kamiq krossowerini çykarmagyny togtatmaga mejbur bolýar. Bu barada Çehiýanyň radiosy habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Skoda-nyň direksiýasy toplumy düzüjileriň önümçiliginiň bir bölegini Ukrainadan respublika geçirmek mümkinçiligine seredýär. Ýagny, gürrüň bu ugurdan ýokary tejribeli hünärmenleri bu ýurtdan çagyrmak barada gidýär.  

Ukrainada Skoda-nyň 13 sany üpjün edijisi ýerleşýär. Häzirki ýagdaýda olarda önümçilik we şertnamalaýyn üpjünçiligi ýerine ýetirmek bilen bagly kynçylyklar ýüze çykdy. Öň kärhananyň direksiýasy Enyaq elektromobiliniň önümçiligini togtadýandygyny habar berdi. 


06.09.2025 16:58
3.8k+

Toyota Ýewropada täze elektromobil çykaryp başlar

Toyota Motor Europe Çehiýanyň Kolin şäherindäki Toyota Motor Manufacturing Czech Republic (TMMCZ) zawodynda täze elektromobiliň yzygiderli önümçiligine başlanjakdygyny habar berdi. Bu markanyň Ýewropada çykarylýan ilkinji doly elektrik awtomobili bolar...

şu gün 06:21
3.6k+

Toyota RAV4-i pikapa öwürmek isleýär

Toyota kompaniýasy häzirki nesil RAV4 krossoweriniň platformasynda täze ýeňil pikap işläp düzmegiň we çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada ýapon konserniniň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy......

düýn 15:25
5.7k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....

16.05.2026 18:14
3.9k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......