Marsda suwuň we ýeliň bardygynyň täze subutnamalary tapyldy

  • 14.03.2022 14:21
  • 11k+

Hytaýly, kanadaly we germaniýaly halkara alymlar topary Zhurong marsohodynyň kömegi bilen Marsda suwuň we ýeliň bardygynyň täze subutnamalaryny tapdylar. Barlagyň netijeleri Nature Geoscience žurnalynda çap edildi.

Zhurong Marsa baryp-ha 2021-nji ýylyň maýynda barypdy. Şondan bäri ol 60 mars gününiň dowamynda saýýaryň demirgazyk ýarymşarynda Utopiýa düzlüginiň sebitlerinde 450 metr ýol geçmäni başardy.
Bu ýerler öňler suwdan dolup ýatan bolmaly diýip hünärmenler çaklaýarlar.
Marsohodyň kamerasynyň maglumatlary marsohodyň söken düzlüginiň bir böleginiň diýseň tekizdigini we az-kem daşlyrakdygyny görkezýär.
Bu ýerden getirilen närseleriň seljermesi saýýaryň beýleki ýerindäkileriňki bilen gabat geldi.  
Şonuň bilen birlikde, alnan kadrlarda daşlaryň ýüzünden kiçeňräk taraşlanan çyzyklaryň geçýändigi görünýär, olar ýeliň täsirinden emele gelendir diýip çaklamaga esas berýär.
Alymlar käbir jynslarda suw iýilmesiniň yzlaryny ýüze çykardylar.
Hünärmenler orbita korablynyň kadrlarynda Marsyň ýüzünde Ýerdäki çäge dýunlaryny ýatladýan zyralaryň bardygyny gördüler. Görnüşine görä, olar, megerem, ýeliň täsirinden dörän bolsalar gerek. Alymlar bu saýýarda indi ýel ýok bolsa gerek diýip hasaplaýarlar.


düýn 23:19
691

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

10.05.2026 14:09
1.3k+

Alymlar dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny 10 mln ýyl öňe süýşürdi

ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl......

07.05.2026 14:36
3.3k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......

07.05.2026 11:10
4.4k+

«Terminator-2» filmindäki ýaly: böleklenip, ýene-de täzeden ýygnalýan materiallar döredildi

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň hünärmenleri ýelim ýa-da himiki serişdeleri ulanmazdan, böleklenip we täzeden ýygnalyp bilýän robotlar we konstruksiýalar üçin täze tehnologiýany oýlap tapdylar....