Eýranda ilkinji elektrobus ulanyşa goýberildi

  • 14.03.2022 13:56
  • 8.4k+

Ýekşenbe güni Eýranyň iň iri "Iran Hodro" awtomobil gurluşyk kompaniýasy öz öndüren ilkinji elektrik awtobusyny ulanyşa goýberdi.

Elektrobus soňky 16 aýyň dowamynda "Iran Hodro" kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan ýedi önümiň biridir. Elektrobus önümçiliginiň kuwwaty günde ýedi sany we ýylda bolsa müň töweregi awtobusdan ybaratdyr.

Elektrobus bilen tanyşdyrylyş dabarasyna "Iran Hodronyň" baş direktory we Eýranyň Dagmagdan we dagişläpbejeriş senagatyny ösdürmek we kämilleşdirmek guramasynyň işgärleri gatnaşdylar (IMIDRO).

Kompaniýa ýylda 1 mln-dan gowrak ulag serişdelerini goýberýär: ýeňil ulaglary (550 müň), awtobuslary, ýük ulaglaryny, pikaplary. Şu görkeziji boýunça "Iran Hodro" dünýäde 13-nji orny eýeleýär. 

"Iran Hodronyň" önümçilik kuwwatlyklary Eýrandan başga-da, Azerbaýjanda, Müsürde, Siriýada,Wenesuelde we Senegalda hem ýerleşýändir.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......