ZTE-niň arassa girdejisi bir ýylda 1 mlrd dollardan geçdi

  • 13.03.2022 23:27
  • 8.1k+

Dünýäde iň uly telekommunikasion enjamlaryny öndürijileriň biri bolan ZTE hytaý kompaniýasy geçen ýyl 1 mlrd dollardan gowrak girdeji gazandy. Muňa pudagyň çalt depginler bilen ösmegi ýardam etdi diýlip, korporasiýanyň maliýe hasabatynda aýdylýar.

“Toparyň [kompaniýalaryň] adaty paýnamalaryň eýelerine düşýän arassa girdejisi 2021-nji ýylda 6,81 mlrd ýuan ($1,08 mlrd) boldy, bu bolsa ýyllyk ösüşiň 59,9% bolandygyny görkezýär” – diýlip, resminamada bellenilýär.

ZTE geçen ýyl Hytaýyň telekommunikasion pudagynyň çalt depginler bilen ösüp, bäşinji nesil tory (5G) bilen bir hatarda täze informasion infrastruktura işjeň eýe bolandygyny belleýär. Ýylyň ahyryna çenli Hytaýda jemi 1,425 mln 5G stansiýasy ulanylyşa girizildi. “Häzirki wagtda bu torlar ähli şäherleri, etrap derejesindäki şäher zolaklarynyň 98%-den gowragyny we oba görnüşli şäherçeleriň 80%-ini gurşap alýar” – diýlip, hasabatda bellenilýär.

Hasabata görä, 2021-nji ýylda ýurduň içerki bazaryna 5G-ni göterýän 266 mln smartfon geldi, bu geçen ýylyň görkezijisinden 63,6% ýokarydyr.

ZTE 1985-nji ýylda esaslandyryldy, onuň ştab-kwartirasy Şençžen şäherinde ýerleşýär. Onuň ABŞ-da, Şwesiýada we başga-da birnäçe ýurtda ylmy-gözleg merkezleri bar, onuň dünýädäki işgärleriniň umumy sany 73 müň adamdan geçýär. Korporasiýa patent üçin berilýän arzalaryň sany boýunça dünýä liderleriniň bäşligine girýär. 


12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....