Türkmenistanda Prezident saýlawlarynda saýlawçylaryň eýýäm 25%-den gowragy ses berdi

  • 12.03.2022 11:05
  • 19k+

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 9-a çenli saýlawçylaryň 25,24% ses berdi.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 25,03%, Balkan welaýatynda 27,40%, Daşoguz welaýatynda 25,68%, Lebap welaýatynda  24,37%, Mary welaýatynda 24,64%, Aşgabat şäherinde 25,78% ses berdiler.
Şeýle hem, daşary ýurtdaky saýlaw uçastoklarynda 58,20% saýlawçylar ses berdi.
Ses bermek dowam edýär.
TmCars.info saýlawlaryň gidişi bilen okyjylaryny tanyşdyrmagyny dowam eder.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3.2k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......