Döwlet daşary ykdysady iş banky dokma ugurly kärhanalary gurmak üçin italýan banky bilen iş geçirer

  • 11.03.2022 18:32
  • 9.8k+

10-njy martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynda dörediljek, düýe ýüňüni we geçi çöpürini egrip, ýylda 130 tonna ýüň ýüplügi öndürýän önümçilik hem-de Daşoguz pagta egirme fabriginde dörediljek nah we ýüň galyndylaryny, gamşy hem-de gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde we gurluşykda ulanylýan agaç we bölüji serişdeleriň ýylda 7200 tonnasyny öndürýän önümçilik üçin häzirki zaman enjamlaryny, olary Türkmenistana getirmek, ýerinde gurnamak hem-de sazlamak bilen bagly ähli işleri geçirmek şerti bilen satyn almak barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Italiýa Respublikasynyň “Cormatex Srl.” kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasyny maliýeleşdirmek üçin Italiýa Respublikasynyň “Intesa Sanpaolo S.p.A.” bankynyň karz serişdeleriniň hasabyna tassyklanan akkreditiwi açmaga hem-de ony resmileşdirmek we dolandyrmak bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......