Britan işewüri 3 mlrd ýewro «Çelsini» satyn almak we ýene 1,8 mlrd ýewrony stadiona harçlamak isleýär

  • 11.03.2022 09:23
  • 12k+

Britan işewüri Nik Kendi Londonyň «Çelsisini» onuň rus eýesi Roman Abramowiçden satyn almak isleýär diýip, Daily Mail habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Kendi hyzmatdaşlary bilen bilelikde «aristokratlary»  2,5 mlrd funt sterlinge (3 mlrd ýewro) satyn almaga bil baglaýar. Ondan hem başga, işewür «Çelsi» «Stemford Brij» öý stadionynyň durkuny üýtgetmek üçin 1,5 mlrd funt sterling (1,8 mlrd ýewro) sarp etmäge taýýar. Kendi çagalygyndan göklere janköýerlik edýär diýip belleýärler.

The Independent-iň öň habar berşi ýaly, Abramowiç kluby amerikan-şweýsar konsorsiumyna satmakdan boýun gaçyrypdyr. Çeşmäniň habar bermegine görä, teklip rus işewüriniň göwnüne ýaramandyr. Konsorsiumyň gökleri satyn almak üçin 2,2 mlrd funt sterling (2,6 mlrd ýewro) teklip etmäge taýýardygy barada öň habar berlipdi.

26-njy fewralda Abramowiçiň kluba ýolbaşçylyk etmegi «Çelsiniň» haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlaryna geçirendigini ýatlalyň. 2-nji martda ol kluby satmak meýliniň bardygyny mälim edipdi. Rus işewüri «aristokratlary» satmakdan 4 mlrd funt sterling (4,84 mlrd ýewro) gazanmak isleýär.


şu gün 12:33
766

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

düýn 18:20
3.6k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
9k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
4k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......