Go Viral taslamasy türkmen dilindäki ilkinji #GoNight duşuşygyny geçirer

  • 10.03.2022 12:16
  • 3.9k+

Merkezi Aziýadaky media, biznes, medeniýet, we tehnologiýa ugurlarynyň wekillerini bir ýere jemleýän, şeýle hem olaryň bir-biri gatnaşyk saklamagyna mümkinçilik berýän platforma hökmünde hyzmat edýän Go Viral taslamasy Türkmenistanda hem işjeňligini artdyrýar. Şu gün, 10-njy martda bu taslama türkmen dilindäki ilkinji #GoNight duşuşygyny onlaýn görnüşde geçirer. Bu duşuşygyň dowamynda «Aryketek» kompaniýasynyň kreatiw direktory Bäşim Ataýew grafik dizaýnerlik käri boýunça aýdyp berer.

Türkmenistanda Sanly ulgamy ösürmegiň Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň çäklerinde bu günki gün onlaýn görnüşde geçirilýän duşuşyklarda dünýä tejribesini ýakyndan öwrenmäge, ösen tehnologiýalar bilen işjeň tanyşmaga mümkinçilikler döredilýär. Onlaýn görnüşde guraljak bu duşuşyk hem şonuň nobatdaky subutnamasydyr.

#GoNight Ashgabat onlaýn duşuşygynyň dowamynda “Ylhamy nireden gözlemeli? Müşderiler bilen nähili işleşmeli? Frilanser hökmünde işleseň gowumy ýa-da bir kompaniýada/agenstwada? 2022-nji ýylda grafik dizaýnda nähili trendler bar?” ýaly temalarda gürrüň ediler. 

2017-nji ýyldan bäri platforma hökmünde «Go Viral» merkezi aziýaly žurnalistleriň, telekeçileriň, film industriýasynyň wekilleriniň, aýdymçydyr sazandalaryň medianyň, tehnologiýanyň, biznesiň we medeniýetiň täze mümkinçiliklerini ulanyp, dünýäniň galan bölegi bilen gatnaşykda bolmaklaryna itergi berýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Döwlet departamenti tarapyndan goldaw berilýän “Go Viral” taslamasy öz agzalaryna sebit derejesinde hyzmatdaşlyklar ýola goýmaga, olaryň networkini giňeltmäge, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ady agzalan ugurlardaky yagdayy bilen tanyş bolmaga mümkinçilik döredýär. Bu mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin bolsa, Go Viral-yň çärelerine işjeň gatnaşmak, proýektiň sosial media sahypalaryny yzarlamak, şeýle hem edilýän işler boýunça öz pikirleriňizi paýlaşmak ýeterlikdir.

Onlaýn duşuşyga Google Meet platformasynyň üsti bilen 30 adam gatnaşyp biler. Çakylyk almak üçin şu salgy boýunça anketa doldurmaly. 

12.05.2026 15:08
4.1k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.1k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....