«PSŽ-niň» prezidenti Şweýsariýanyň kazyýeti tarapyndan korrupsiýa işinde aýyplanýar

  • 10.03.2022 09:15
  • 16k+

Bellinsonada Şweýsariýanyň Federal jenaýat kazyýetiniň prokuraturasy “Pari Sen-Žermen” futbol klubunyň prezidenti Nasser Al-Helaifiniň 28 aý möhlet bilen azatlykdan mahrum edilmegini talap edýär. Bu barada L’Equipe habar berdi diýip, RIA Nowosti belleýär. 

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) öňki baş sekretary Žerom Walkeniň bolsa prokurorlar 35 aý tussag edilmegini talap edýärler. 

Öň Şweýsariýanyň Federal jenaýat kazyýeti Al-Helaifi bilen Walkeniň işine seredipdi. 2020-nji ýylyň güýzünde Al-Helaifi aklanyldy, Walke bolsa 120 gün şertli möhleti aldy. Şweýsariýanyň prokuraturasy şonda “PSŽ-niň” prezidentiniň 28 aý azatlykdan mahrum edilmegini isläpdi, Walke bolsa üç ýyl tussag edilmek howpy abanypdy.

Al-Helaifini we Walkeni parahorlykda, kezzapçylykda, işine perwaýsyzlykda we resminamalary galplaşdyrmakda aýyplaýan kazyýet işi 2017-nji ýylda Şweýsariýada gozgaldy. Üç ýyl geçensoň, “PSŽ-niň” prezidentiniň ylalaşyk şertnamasynyň çäginde 1 mln Şweýsariýa frankyny (1 mln dollardan gowrak) töländigi, şondan soň Şweýsariýanyň prokuraturasynyň ondan korrupsiýa aýyplamalarynyň käbirini aýrandygy barada maglumat peýda boldy.

Walke FIFA-nyň baş sekretary bolan wagtynda Al-Helaifiden 1,4 – 2,3 mln ýewro maliýe bähbidini, aýratynam 2014-nji ýylyň martyndan 2015-nji ýylyň sentýabryna çenli Sardiniýadaky willany ulanmak hukugyny almakda aýyplandy. Derňewçileriň pikiriçe, ol muny 2026-njy we 2030-njy ýyllaryň dünýä çempionatlary üçin telewizion hukuklaryny Al-Helaifiniň gözegçilindäki media toparyna bermegiň deregine edipdir. 


düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......