Robert Lewandowski häzirki möwsümde Çempionlar ligasynyň iň gowy bombardiri boldy

  • 09.03.2022 18:30
  • 6.9k+

Mýunheniň “Bawariýasynyň” hüjümçisi Robert Lewandowski häzirki möwsümde Çempionlar ligasynyň bombardirleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada championat.com habar berdi.

Polşaly oýunçy Awstriýanyň “RB Zalsburg” topary bilen geçirilen oýunda het-trik etdi. Bu oýunda “Bawariýa” 7:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy. Bu ýaryşda Lewandowskiniň hasabynda jemi sekiz oýunda 12 gol bar. Robert bombardirleriň sanawynda “Aýaksyň” hüjümçisi Sebastýen Allerden (11) öňe geçdi. Üçünji orny “Liwerpulyň” hüjümçisi Mohammed Salah (8) eýeledi. 

Lewandowski 23-nji minuta çenli 3 gol saldy. Şunuň netijesinde hüjümçi Çempionlar ligasynyň taryhynda iň irki het-trikiň awtory boldy. Ol 1996-njy ýylda oýnuň ilkinji 24 minutynda “Rusenborga” garşy üç gol geçiren “Milanyň” hüjümçisi Marko Simoneniň üstünliginden geçmegi başardy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......