Aşgabatly saýlawçylar Balkandan hödürlenen dalaşgär bilen duşuşdylar

  • 08.03.2022 10:48
  • 4k+

7-nji martda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde Balkan welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy G.Çendirow ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy. Şunda B.Gurbanowyň ýokary hünär derejesi, şahsy häsiýetleri, guramaçylyk ukyplary hem-de ýolbaşçy wezipesindäki iş tejribesi bellenildi.

Dalaşgär Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanan ýagdaýynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmegiň hem-de şu ýylyň 11-nji fewralynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmegiň bähbidine ähli güýjüni we tejribesini gönükdirjekdigine ynandyrdy.

B.Gurbanow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmegiň özüniň baş maksady boljakdygyny belledi.


07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.8k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...