Türkmenistanly sungat ussatlary zenanlar üçin döredijilik sowgadyny taýýarlady

  • 08.03.2022 10:40
  • 14k+

7-nji martda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy.

8-nji mart baýramynda enelere, zenanlara, gelin-gyzlara hoşniýetli sözler, mähirli gutlaglar aýdylýar, sungatyň ajaýyp öwüşginleriniň üsti bilen baýramçylyk çäresi dabaralandyrylýar. Gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen döwlet derejesindäki baýramçylyk konserti zenanlara bildirilýän hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Konserte mährem eneler, önümçiligiň öňdebaryjy zenanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary we dürli pudaklarda işleýän gelin-gyzlar, “Ýylyň zenany” diýen hormatly ada mynasyp bolanlar we beýleki döredijilik gözden geçirilişiniň ýeňijileri, “Ene mähri” diýen hormatly ady alan köp çagaly eneler, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Köşgüň sahnasynda guralan konsertde ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, meşhur tans we folklor toparlary, bagşy-sazandalar, estrada aýdymçylary we ýaşajyk artistler özleriniň ajaýyp çykyşlaryny, sungat eserlerini mähriban gelin-gyzlara, olaryň bagtyýar durmuşyna bagyşladylar. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde milli sazlar, nusgawy aýdymlar, zenan bagtyýarlygyna, wepadarlygyna, ene söýgüsine we yhlasyna bagyşlanan häzirki zaman hem-de halk aýdymlary ýaňlanyp, olar häzirki döwürde topragyň bahar howasy bilen janlanýan pursatlarynda emele gelen gözelligiň nusgasy hasaplanylýan gelin-gyzlaryň waspyny ýetirýän sena öwrüldi.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......