300-e golaý zenana «Ene mähri» ady dakyldy, käbirlerine täze öýler sowgat berildi

  • 08.03.2022 08:45
  • 10k+

7-nji martda paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şolaryň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy. Şeýle hem köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.

Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlarynyň adyna iň gowy arzuwlar hem-de gutlaglar, hoşallyk sözleri aýdyldy. Şu gün ýurdumyzyň zenanlary işine jogapkärçilikli çemeleşýän hem-de başlangyçlar bilen çykyş edýän ýolbaşçylardyr we alymlardyr, mugallymlardyr hem-de lukmanlardyr, deputatlardyr we diplomatlardyr. Ýöne, şunuň bilen birlikde, olar ilkinji nobatda, mähirli enelerimiz, uýalarymyz, gyzlarymyz, öý hojalykçylarymyz bolmagynda galýar.

Şu günki dabaralar baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýatdan çykmajak waka boldy. Degişli Permana laýyklykda, türkmenistanly zenanlaryň 300-e golaýyna “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy. Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalar ýokary amatlyklary bolan täze öýlere eýe boldular hem-de uly ruhubelentlik bilen jaý toýlaryny toýladylar.

Şeýle dabaralar ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde hem geçirildi.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......