2028-nji ýylyň futbol boýunça Ýewropa çempionaty Beýik Britaniýada we Irlandiýada geçip biler

  • 07.03.2022 08:42
  • 5k+

2028-nji ýylda futbol boýunça Ýewropa çempionatyny geçirmek ugrundaky göreşde Beýik Britaniýa bilen Irlandiýanyň bilelikdäki teklibi ýeňiş gazanyp biler. Bu barada “Daily Mail” gazeti habar berýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Bellenilişi ýaly, ses berişlikde bu teklibiň alternatiwalary bolman biler. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Türkiýe özüniň dalaşgärligini yzyna alar, sebäbi ol öň Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) bilen söhbetdeşlikde Ýewro-2016-nyň we Ýewro-2024-iň hojaýyny bolmak üçin ses berişlikde ýeňlenden soň diňe alternatiw däl esasda bäsleşige gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi. UEFA-nyň sanksiýalary sebäpli Russiýanyň arzasyna hem seredilmez. Fewral aýynda Beýik Britaniýa bilen Irlandiýa 2030-njy ýyldaky dünýä dempionatyny geçirmek üçin arza bermekden ýüz öwürdi.
Arza tabşyrmak işi 2023-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli dowam etmeli, ýöne ýaryşy geçirmek üçin diňe bir dalaşgär bolan ýagdaýynda ol ir tamamlanar diýip, gazet belleýär. 23-nji marta çenli gyzyklanma bildirýän taraplar arza tabşyrmak islegleriniň bardygyny mälim etmeli.
Indiki Ýewropa çempionaty 2024-nji ýylda geçiriler, ony Germaniýa kabul eder. 


düýn 23:46
975

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.2k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
10k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......