Berdimuhamedow Emmanuel Makrona gutlag hatyny iberdi

  • 07.03.2022 08:02
  • 7.2k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona we ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny iberdi.

Türkmen Lideri iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirip, Prezident Emmanuel Makrona berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, dostlukly ýurduň halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.


şu gün 08:25
1.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

20-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär...

düýn 13:18
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow uçardan Gazagystanyň gözelligini synlap, K.K.Tokaýewe hat iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň çäkleriniň üstünden uçup barýarka, bu ýurduň tebigat gözelligini synlap, dostluk, doganlyk gatnaşyklaryny ýene bir gezek nygtamak bilen, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe hat ýollady...

düýn 11:40
3.8k+

Türkmenistan hytaý atşynaslaryny Türkmen bedewiniň baýramyna çagyrdy

Hytaýyň «Equuleus» halkara atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň ýerli muşdaklarynyň öňünde çykyş eden Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda atçylygyň ösdürilişi barada gürrüň berdi we hytaý tarapyny halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy...

düýn 11:17
2.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda ahalteke bedewleriniň muşdaklary bilen duşuşdy

Hytaýa saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär...