Kompaniýa Mercedes-Benz Russiýany öz awtoulaglary bilen üpjün etmesini togtatmagy karar etdi. Brendiň metbugat gullugynyň Twitterde beren resmi habarynda aýdylyşyna görä, bu nemes brendiniň ýeňil awtoulaglaryna we kiçitonnalyk kommersiýa modellerine degişlidir.
Şonuň ýaly-da, kompaniýanyň Moskwanyň etegindäki Solneçnogorsk etrabynda çykarylýan ulaglarynyň hem goýberilmesi wagtlaýyn togtadylar. Bu kärhanada E-Class, GLC, GLE we GLS modelleri gurnalýardy.
Soňky birnäçe günüň dowamynda Russiýada işini we ulag getirmesini togtadýandygyny birnäçe awtoulag konserni mälim etdi. Olaryň arasynda: BMW we Jaguar Land Rover, şeýle hem Audi, Skoda, Volkswagen, Volkswagen kommersiýa awtoulaglary, Bentley, Lamborghini we Ducati brendlerini öz içine alýan Volkswagen, Porsche bar. Mundan başga-da, "Ford Collerc" 3 martdan başlap Ýelabugadaky kärhanasynyň işini togtadýandygyny mälim etdi.
Ýewropa biznesiniň assosiýasiýasynyň (AEБ) maglumatlaryna görä, russiýalylar 2021 ýylda Mercedes-Benz ulagynyň 43 011 sanysyny satyn alypdyrlar. Bu san 2020 ýylyň görkezijilerinden 10,8% köpdür.