iPhone 14 aňrybaş köp wagtlap özbaşdak işlemek mümkinçiligine eýe bolar

  • 02.03.2022 18:06
  • 18k+

Täze Apple smartfony täze 5G modulyna daýanyp, has köp wagtlap özbaşdak işläp bilýänligi bilen tapawutlanar. Bu barada Economic Daily News atly taýwan neşiri habar berýär.

Üpjün edijileriň zynjyryndaky çeşme žurnalistlere şeýle habar berdi: TSMC kompaniýasy iPhone 14-iň hataryndaky apparatlar üçin 5G radioýygylykly çipleri goýbermäge Apple-iň ähli sargytlaryny kabul etdi. Bu ýarymgeçiriji enjama geçilmegi, megerem, Qualcomm Snapdragon X65 modeminiň saýlanyp alynmagy bilen bagly bolsa gerek. Gurluş alty nanometrlik tehprosess boýunça dörediler. Bu bolsa çipiň göwrüminiň kiçi bolmagyny, energiýanyň bolsa az sarp edilmegini üpjün eder.
Täze 5G modul alty gigagers we mmWave diapazonda işlände energiýany az sarp eder diýip habar berilýär.
Mundan başga-da, täze enjam Wi-Fi 6E setlerinde işlemäge ukyplydyr. Bu maglumatlaryň ýokary öndürijilikli, onçakly eglenmezden we ýokary tizlikde geçirilmegini üpjün eder. Hünärmenleriň çaklaýşyna görä, 2023-nji ýylda Apple hyzmatdaşlarynyň hyzmatyndan el çeker we iPhone-ny öz 5G modemlerine geçirer.


10.03.2026 08:10
3.6k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.4k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

02.03.2026 10:55
5.5k+

Gijäň bir mahaly gelýän jaň iPhone ulanyjylaryny gorkuzdy: Apple-iň maslahaty

iPhone-da gaty geň, hatda, jady-tilsime meňzeş bökdençlikler peýda boldy. Hytaýdaky ulanyjylar telefonlarynyň gijelerine, takmynan sagat 02:00 töwereklerinde öz-özünden jaň edip başlaýandygyny habar berdiler. Enjamyň eýeleriniň biri jaň sesinden we: «Jaň eden abonentiňiz wagtlaýynça elýeterli däl» diýen sesli habardan oýanandygyny gürrüň berdi...