BMG G20 ýurtlaryny klimat çökgünliginiň ýakynlaşmagynda günäkärleýär

  • 02.03.2022 13:56
  • 5.3k+

Birleşen Milletler Guramasy (BMG) Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara hünärmenler toparynyň hasabatyna salgylanmak bilen golaýlaýan klimat heläkçiligi barada duýdurýar. Guramanyň bellemegine görä, global ýylamany haýallatmak üçin ýurtlar tarapyndan görülýän çäreler ýeterlik derejede däl, bu bolsa Ýer ýüzüniň ilaty üçin ölüm howpuny döredýär. Bu barada lenta.ru belleýär.

Hasabatyň awtorlary daşky gurşawyň ýaramazlaşmagynda Uly ýigrimiligiň (G20) ýurtlaryny günäkär hasaplaýarlar. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hökümetleri gazylyp alynýan ýangyjyň çykarylmagyny maliýeleşdirmegi bes etmäge we uglerod bitaraplygyna ýetmek wadasyna çynlakaý garamaga çagyrdy. “Gazylyp alynýan ýangyç biziň planetamyzy, görnüşlerimizi we ykdysadyýetimizi agyr ýagdaýa getirer” – diýip, Guterriş belledi.

Klimat çökgünliginiň öňüni almak üçin adamzat dünýädäki ortaça temperaturanyň industrialdan öňki dereje bilen deňeşdirilende, Selsiý boýunça 1,5 gradusdan geçmegine ýol bermeli däl. Munuň üçin 2030-njy ýyla çenli kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 45 göterim azaltmak we 2050-nji ýyla çenli uglerod bitaraplygyny gazanmak zerurdyr. 

“Ýöne häzirki ýagdaýy göz öňünde tutsak, global hapalanmagyň derejesi häzirki onýyllykda 14 göterim ýokarlanar. Bu 1,5 gradusdan geçmezlik üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri ýok eder” – diýip, Guterriş aýtdy.

Klimatologlaryň pikiriçe, ýagdaýa mundan beýläk hem ähmiýet berilmese, geljek 20 ýylda adamlar ekoulgamlaryň kollapsy, adatdan daşary gyzgynlyk we beýleki kataklizmler, şeýle-de biologik görnüşleriň ýok bolmagy bilen ýüzbe-ýüz bolarlar.  


şu gün 00:57
768

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

11.06.2026 12:12
8.5k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......