Türkmenistanda GDA-nyň Synçylar wekilligi öz işine başlady

  • 01.03.2022 09:17
  • 3.4k+

Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça Aşgabada geldi. Synçylar degişli hukuk kadalary esasynda kesgitlenen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň barşyna hem-de saýlawlaryň geçirilýän gününde ses berlişine syn ederler. Wekillige GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.Anfimow ýolbaşçylyk edýär.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň ýolbaşçylary bilen 28-nji fewralda geçirilen duşuşygyň barşynda halkara synçylar toparyň bellän çäreleriniň meýilnamalary hem-de ýerlerde amala aşyrylan işler bilen tanyşdyryldy.

Öňdäki jemgyýetçilik-syýasy çärä — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna halkara synçylaryň gatnaşmagynyň möhümdigi bellenilip, olaryň saýlaw möwsümine seljerme bermek, şol sanda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň ynanylan wekilleri bilen duşuşyklary geçirmek işleri ýerine ýetirmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi aýratyn nygtaldy. Hususan-da, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýardam bermeginde Synçylar wekilliginiň zerur tehniki enjamlar hem-de aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilen Baş edarasy açyldy.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3.2k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......