«Liwerpul» finalda «Çelsini» ýeňip, Angliýanyň ligasynyň Kubogyny gazandy

  • 28.02.2022 14:50
  • 7.4k+

Angliýanyň ligasynyň Kubogynyň final duşuşygynda «Liwerpul» «Çelsiden» üstün çykdy. Duşuşyk Londonda «Uembli» stadionynda geçirildi.

Duşuşygyň esasy hem goşmaça wagty 0:0 hasabynda tamamlandy. 11 metrlik jerime urgulynda «Liwerpul» 11-10 hasabynda üstün çykdy. «Liwerpulyň» düzüminde soňky urgyny derwezeban Kuiwin Kelleher ýerine ýetirdi. «Çelsiden» ýeke-täk nädürs urgyny derwezeban Kepa Arrisabalaga ýerine ýetirdi. Arrisabalaga duşuşyga 119-njy minutda Eduard Mendä derek giripdi.
«Liwerpul» 2012-nji ýyldan bäri ilkinji gezek we taryhynda dokuzynjy gezek Angliýanyň ligasynyň Kubogynda ýeňiş gazandy. Bu görkeziji babatda klub «Mançester Sitiden» bir san öňe geçdi.
Angliýanyň çempionatynda «Çelsi» 25 oýundan soň, 50 utuk bilen üçünji ýerde ýerleşýär. «Liwerpul» 26 oýundan soň 60 utuk bilen ikinji ýerde ýerleşýär.


düýn 13:03
11k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
8.8k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
5.9k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....