Ilkinji amerikan Aý missiýasy yza süýşürildi

  • 28.02.2022 12:31
  • 6k+

Artemis-1 programmasy boýunça ilkinji uçuryş maý aýyndan ir bolmaz. Bu barada Space.com habar berýär diýip, Day.Az belleýär. Artemis-1 missiýasynyň dowamynda amerikanlar SLS raketasynda sürüjisiz Orion gämisini Aýyň töwereginde uçmak üçin ibermegi meýilleşdirýärler. Muny aprel aýynda amal etmek göz öňünde tutulypdy, ýöne indi NASA munuň mümkin däldigini habar berýär. Şeýle-de, bu uçuryşyň maý aýynda boljagy hem şübheli. 

SLS – Space Shuttle-iň elementleriniň: onuň hereketlendirijileriniň, bakynyň we tizleşdirijileriniň esasynda gurnalan super agyr raketa. Ilkibaşda ol 2019-njy ýyla çenli taýýar bolmalydy, ýöne bu möhlet ençeme gezek üýtgedildi.

Şeýle-de, raketanyň ýangyjy bilen geljekki uçuşdan öňki esasy taýynlanma işine baha bermek hem zerur. Ol 17-nji martda Floridadaky Kennedi Kosmos merkeziniň 39B meýdançasynda geçiriler, uçuş hem şol ýerde bolar. Raketanyň gämi bilen birleşdirilen gurnama binasyndan meýdança çenli ýol, takmynan, 12 sagat wagty alar. 

Agentligiň wekilleriniň aýtmagyna görä, raketa bilen gämi meýdançada bir aý töweregi bolar we synaglar, takmynan, iki hepde dowam eder. Şondan soň SLS synaglaryň netijesini seljermek üçin gurnama binasyna yzyna gaýtarylar.

Uçuryşyň maý penjiresi aýyň 7-sinden 21-ne çenli dowam eder. Gämini Aýa uçuş traýektoriýasyna ibermek üçin Ýeriň hemrasynyň dogry ýagdaýda boljak pursatyna garaşmaly. Eger raketa maý aýyna çenli taýýar bolmasa, indiki penjireler 6 – 16-njy iýunda we 29 – 12-nji iýulda açylýar.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....