Adamyň DNK-synda dinozawrlar döwrüniň wirusy tapyldy

  • 27.02.2022 10:07
  • 12k+

Internetde Oksford uniwersitetiniň alymlary Aris Kasurakis bilen Hose Gabriel Nino Barreat tarapyndan geçirilen täze gözlegiň netijeleri peýda boldy. Olar adam DNK-synda öz başlangyjyny dinozawrlar döwründen alyp gaýdýan Mavericks toparyndan gadymy wirusy tapdylar. 

Bu ýokanjyň azyndan 105 mln ýyl mundan öň biziň ata-babalarymyzyň genlerine düşendigi habar berilýär.

Belli bolşy ýaly, häzirkizaman wiruslary özleriniň RNK-genleriniň DNK-nusgalaryny ýokanç degirýän öýjükleriniň genomyna işjeň ornaşdyrýan retrowiruslardyr. Adamyň genomy 5%-den 10%-e çenli retrowiruslaryň “hapa DNK-syndan” ybarat. Ýakynda tapylan gadymy wiruslar alymlara Mavericks hökmünde belli bolan gadymy DNK-wiruslarynyň toparyna degişlidir.

Gyzykly ýeri, mundan öň gadymy wiruslaryň yzlary balyklarda, amfibiýalarda we reptililerde tapyldy. Şol bir wagtyň özünde, täze tapylan DNK-wirusy adam genomyndaky ýeke-täk wirusdyr we DNK-da iň gadymy retrowirus däl goşulmadyr.


düýn 12:47
4.4k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

düýn 12:45
5.6k+

Koreýaly alymlar tüwi kagyzynyň kömegi bilen köne elektronikalardan altyn almagy öwrendiler

Günorta Koreýanyň himik alymlary adaty tüwi kagyzyny ulanmak arkaly elektron galyndylardan we senagat zibillerinden altyny bölüp almagyň ekologik taýdan arassa hem-de örän arzan tehnologiýasyny işläp düzdüler....

01.06.2026 12:01
4.6k+

Nemes alymlary kepderileriň bagryndaky tebigy GPS-kompasyň syryny anykladylar

Germaniýanyň Bonn we Duýsburg-Essen uniwersitetiniň gözlegçileri kepderilerdir gögerçinleriň bagyrda ýerleşen hem özünde demir saklaýan ýörite immun ulgamynyň öwüşginleri arkaly Ýeriň magnit meýdanyndan ugur......

31.05.2026 20:50
9.5k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......