Sadyr Žaparow Berdimuhamedowyň saýlawlary geçirmek baradaky teklibini goldaýar

  • 26.02.2022 16:51
  • 10k+

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowdan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Onda dostlukly ýurduň Lideriniň Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlaryny goldaýandygy barada aýdylýar.

Hatda, hususan-da: «Siziň golaýdaky aýgytly syýasy ädimiňiziň türkmen döwletiniň durnukly ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn. Indiki saýlanjak Prezidentiň Siziň başlan ýoluňyzy dowam etdirmegine umyt edýärin. Türkmen döwletiniň bitewüliginiň we ösüşiniň bähbidine Siziň alyp barýan işiňize türkmen halky tarapyndan ýokary baha beriljekdigine ynanýaryn» diýlip bellenilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Gyrgyzystanyň Prezidenti iki halkyň arasynda hakyky doganlygy we ynanyşmagy berkarar etmekde ýurduň Lideri hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan işiniň ähmiýetiniň uludygyny tassyklady.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......