Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm, 4-nji bölüm
— Belki, siz mamlasyňyz — diýip, ýaş ýigit jogap berdi. — Şeýle-de bolsa men elmydama puldan kösenip geldim. Belki, bu meniň ýazgydymda bardyr.
— Adamyň ykbaly öz elinde — diýip, garry sözüni dowam etdi. — Goý, sen öň baý bolmansyň, ýöne bu seň geljekde baý bolmajagyňy aňladanok. Durmuşda esasy bilmeli zatlaryň biri — geljegiňi geçmişiň ýaly geçirmeli däl. Sebäbi geljekde öňki edýän zatlaryňy gaýtalasaň, ýene şol öňki alan zatlaryň hakyny alarsyň.
Garry bilen ýaş ýigit kölüň gyrasy bilen ýöräp, bagyň demirgazyk künjüne barýardylar. Iki sany adam olaryň ýanyndan ylgap geçip gitdi. Howa sowuk bolansoň, ylgaýanlaryň ýagyrnysyndan bug göterilýärdi. Ýaş ýigit garrynyň aýdanlary barada jan edip oýlanýardy. Hytaýlynyň aýdanlarynda nähilidir bir manynyň bardygy şübhesizdi, şeýle-de bolsa entek o diýen ynandyryjy däldi.
— Pul gazanmak üçin aňryňda maýaň bolmagy hökman däl — diýip, garry düşündirmäge başlady. — Saňa baý garyndaşam, ýokary bilimem ýa-da durmuşyň bagtly pursatam gerek däl. Baýlyga ýetmek üçin ähli gerek zat eýýäm özüňde bar.
— Siz näme, bu şeýle aňsatdyr öýdýäňizmi? — diýip, ýaş ýigit sorady.
— Elbetde. Munuň üçin hiç hili şowlulyk hökman däl. Edil beýleki adamlar ýaly, ykbalyňy üýtgedere sende güýç bar.
— Siz: «Islendik adam baýap biler» diýen pikire gulluk edýän-ä dälsiňiz? — diýip, ýaş ýigit janykdy.
— Elbetde, gulluk edýän. Onsoňam bir zady bilip goý, şu dünýäniň adamlarynyň köpüsi eýýäm baý, ýöne olar bu barada pikir edenok.
— Muny aýtmak bilen siz näme diýmekçi bolýaňyz? Baýlyga eýe bolan adamlar bu barada bilenokmy? — diýip, ýaş ýigit sorady.
— Gaty dogry — diýip, garry dowam etdi. — Olar, dogrudanam, hiç zat bilenok. Muňa mysal edip seni alyp göreli. Sen özüňe garypdyryn öýdýäň, sebäbi sen çykdaýjylaryňy tölemek üçin tagalla etmeli bolýaň.
— Hawa, ýöne nädip… — diýip, ýaş ýigit söze başlajak boldy.
— Öýüňde arassa suw akýan grandyň bar. Birnäçe asyr mundan ozal — käbir ýerlerde häzirem — bu örän seýrek zatlaryň biridi. Kitaphanalardan, habar beriş serişdelerinden gyzyklanýan islendik maglumatyňy almaga ygtyýaryň bar, köp adamlar üçin bu häzirem eletmez zat. Garnyň dok, gowy eşikleriň bar, üstüňde öýüň bar. Telefonyň bar, islendik adam bilen, ol hatda ýeriň aýak ujunda bolsa-da, şobada gürleşip bilýäň. Telewizoryň bar, onda täzelikleri, özüňi güýmär ýaly gepleşikleri görüp bilýäň. Sen her dürli zatlary satyn alyp bilýäň, elli ýyl mundan ozal o zatlar barada hiç kim eşitmändem.
Seň daşyňda ulaglar, otlular, uçarlar — transportyň ähli görnüşi bar, öňki asyr bu zatlar adam üçin eletmez zatdy. Şonuň üçinem Ýer togalagynyň taryhyndaky millionlarça adam bilen deňeşdireniňde sen örän baý, ol adamlar bu zatlar barada arzuwam edip bilenokdy.
— Pul — bu entek baýlyk däl — diýip, garry sözüni dowam etdi, — baýlygy aňryňdaky puluň bilen ölçemeli däl. Hakykatda, puluň hiç hili gymmaty ýok. Bir petde kagyzdan ýa-da bir wagt ýogalan adamlaryň suraty çekilen şaýydan näme peýda bar? Puluň ýeke-täk gymmaty — satyn alan zadyňa bagly. Ýeri, million funt sterlinge gämi satynam aldyň-da, iň soňunda gämi heläkçiligine duçar bolup, ýaşalmaýan ada düşeniň näme haýry bar? Ýa-da işi şowuna düşen işewür adam her aýda aňyrsyna weşeň-weşeň pul atýar diýeli, ýöne ol çagalarynyň arasynda bolup bilmese, haýry näme? Hany aýt, kim baý, düwnük keselinden öljek bolup ýatan millionermi, ýa-da aňyrsynda kör-köpügi bolmadyk, ýöne saglygyndan lezzet alýan adam?
— Hakykatda, baýlygy durmuşyňy edara edişiňe görä ölçemeli. Durmuşda isledigiçe ýaşap bilen adam hakyky baýdyr — diýip, garry sözüni jemledi.
(Dowamy bar).