Google kompaniýasy esasy şriftini täzeledi

  • 24.02.2022 08:07
  • 5.2k+

Google kompaniýasy Roboto firma şriftini täzeden işledi. Bu barada The Verge habar berýär. Kompaniýanyň belleýşi ýaly, täzelenen dizaýn Sans Roboto-nyň şol bir dik proporsiýalaryny özünde saklady, bu wersiýalary şrift kertikleri bilen we olarsyz garyşdyryp ulanmaga mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň bu ädimi minimalistik dizaýnlaryň agdyklyk etmeginden soň kertikli retro-stilindäki şrtiftleriň ýene meşhur bolmagy bilen baglanyşykly bolup biler. Täze şrift harplaryň has düşnükli formada bolmagy netijesinde okamak üçin has amatly.  
Häzirlikçe şrift Roboto maşgalasynyň ýene bir görnüşi hökmünde diňe Google Fonts-da hödürlendi, ýöne geljekde kompaniýa ony hususy marketinginde ulanyp biler. 
Google kompaniýasy Roboto-ny eýýäm on ýyldan gowrak wagt bäri ulanýar. Ilkinji gezek ol adaty şrift hökmünde Android 4.0 operasion sistemasy bilen hödürlendi.


düýn 16:20
1.5k+

Instagram Google TV-li telewizorlarda işläp başlady

Instagram programmasy ABŞ-da Google TV ulgamynda işleýän enjamlaryň eýeleri üçin elýeterli boldy. Bu täzelik dekabr aýynda hyzmatyň Amazon Fire TV platformasynda peýda bolmagyndan soňra amala aşyryldy. Täze programma üpjünçiligi Reels wideolaryny we esasy täzelikler akymyny gönüden-göni telewizor ekranlarynda görmäge mümkinçilik berýär...

21.02.2026 10:19
2.7k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

20.02.2026 11:06
5k+

YouTube-daky ilkinji wideo muzeý eksponatyna öwrüldi

YouTube-daky ilkinji wideo we platformanyň 2006-njy ýyldaky interfeýsi Londonyň Wiktoriýa we Albert muzeýiniň resmi eksponatyna öwrüldi. Artnet neşiriniň habar bermegine görä, bu sanly artefakt internetiň taryhyndaky iň ähmiýetli pursatlaryň biri hökmünde dizaýn kolleksiýasyna goşuldy...

20.02.2026 10:41
783

Google Gemini-de saz döretmek funksiýasy peýda boldy

Google kompaniýasy Gemini goşundysyna emeli aňa esaslanýan saz döretmek funksiýasyny goşdy. Ulanyjy diňe döretmek isleýän aýdymyny söz bilen beýan etmeli, şondan soň hyzmat ýazgysy, sözleri we suraty (obložkasy) bolan 30 sekuntlyk sazy taýýarlap berýär...