Bahreýn syýahatçylar üçin girişi ýeňilleşdirýär

  • 24.02.2022 07:57
  • 2.6k+

Bahreýn ýurda gelýän ýolagçylar üçin PZR-barlagyny tabşyrmak we karantin geçmek zerurlygyny ýatyrýar. Bu çäklendirmeler 20-nji fewraldan aýrylýar diýlip, Bahreýn patyşalygynyň Syýahatçylyk edarasynyň habarynda aýdylýar.

“20-nji fewraldan sanjym ýagdaýyna garamazdan, Bahreýne gelýän ähli ýolagçylar PZR-barlagyndan we karantinden geçmekden boşadylýar” – diýip, edaranyň metbugat gullugy habar berýär.

Ol ýerde mundan öň Bahreýnde ýurda geleniňden soň bäşinji we onunjy günde hökmany geçmeli bolan koronawirus ýokanjy üçin PZR-barlagynyň ýatyrylandygy bellenilýär. 

“Syýahatçylar adalarda erkin hereket edip, syýahatçylyk ýerlerine baryp bilýärler, ýöne COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ähli zerur bolan sanitariýa-epidemiologiki çäreleri berjaý etmek, ýagny köpçülik ýerlerinde sosial araçägi saklamak, örtük dakynmak we elleri ýygy-ýygydan ýuwmak maslahat berilýär” – diýlip, habarda aýdylýar.


10.06.2026 16:40
2.7k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
9.7k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......