Agajan Bekmyradow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny mälim etdi

  • 23.02.2022 02:27
  • 14k+

22-nji fewralda Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow saýlawçylar bilen duşuşyk geçirdi we saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygy Agrar partiýanyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy A.Mämedow açdy. Soňra dalaşgäriň ynanylan wekili — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary T.Bäşimow ýygnananlary hünäri boýunça inžener-gurluşykçy bolan A.Bekmyradowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy. Ony jemgyýetçilik guramalarynda hem-de ýerli dolandyryş häkimiýet edaralarynda işläp, ýeterlik tejribe toplan ýaş, başarjaň ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan hem-de halkyň abadançylygynyň gyşarnyksyz ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu döredijilikli ugur dowam etdiriler. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, şol sanda oba hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga uly üns berler, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw hem-de ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmak meselelerine uly üns berler.

Senagat pudagy, saglygy goraýyş, ylym-bilim, bedenterbiýe we sport ulgamlary, şonuň ýaly-da, ýaşaýyş jaýlarynyň, awtoulag ýollarynyň gurluşygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdüriler. Ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berler.

Saýlawçylaryň birnäçe wajyp sowallaryna jogap berip, A.Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda özüniň ähli güýç-kuwwatyny, bilimini hem-de tejribesini gaýgyrmajakdygyna, özüne bildirilen uly ynamy ödejekdigine ynandyrdy.


düýn 16:03
2.1k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

düýn 13:45
11k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

düýn 13:39
9.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....

düýn 12:10
1.2k+

Türkmenistanda Argentinanyň täze ilçisi işe başlady

24-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Argentinanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Enrike Ignasio Ferrer Wieýradan ynanç hatyny kabul etdi....