R.Meredow we S.Lawrow Moskwda bilelikdäki resminamalara gol çekdiler

  • 23.02.2022 01:59
  • 10k+

22-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda (Moskwa ş.) resmi saparda boldy.

Saparyň barşynda birnäçe duşuşyklar geçirildi we olaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde toplumlaýyn ösdürilmeginiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, özara mümkinçilikleriň nazarda tutulmagynda olaryň işjeňleşdirilmeginiň wezipeleri hem-de meýilnamalary kesgitlenildi.  
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýanyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen geçirilen gepleşiklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy, sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri babatynda pikir alşyldy.
Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň otuz ýyllygynyň bellenilmeginiň derwaýys ähmiýetini belläp geçdiler. Nygtalyşy ýaly, bu waka köpasyrlyk türkmen-rus taryhynda täze tapgyr bolmak bilen, köp babatda häzirki gatnaşyklaryň işjeň, özara hormat goýulýan we deň hukuklylyk häsiýetlerine eýe bolmagyny üpjün etdi. 
Duşuşygyň çäklerinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekiliýetiň agzalary bu şanly senä bagyşlanan fotosergä aýlanyp gördüler.
Saparyň çäklerinde şeýle-de Türkmenistanyň we RF-niň DIM-leriniň arasynda şu ýyl üçin gol çekilen hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki geňeşmeler geçirildi. 
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa saparynyň jemleri hem-de geçirilen ikitaraplaýyn türkmen-rus gepleşikleriniň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi, şeýle-de aşakdaky resminamalara gol çekildi:

  • Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça özara hereketleriniň «Ýol kartasy»;
  • 2022-2025-nji ýyllar üçin halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň durmuşa geçirilmeginiň Meýilnamasy;
  • Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň Meýilnamasy.

düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......