NASA-nyň astrofiziki barlaghanasy ilkinji ylmy maglumatlary Ýere iberdi

  • 20.02.2022 13:00
  • 6.6k+

Geçen ýylyň dekabr aýynda orbita uçurylan NASA-nyň kiçi astrofiziki barlaghanasy Imaging X-ray Polarimetry Explorer (IXPE) ilkinji gözleg maglumatlaryny Ýere iberdi diýip, ABŞ-nyň kosmos edarasy habar berdi.

“2021-nji ýylyň 9-njy dekabrynda uçurylan Imaging X-ray Polarimetry Explorer (IXPE) bir aý dowam eden ulanylyşa girizme prosesinden soň ilkinji suratlary iberdi” – diýlip, habarda aýdylýar.

Häzirki wagtda obserwatoriýanyň ähli gurallarynyň kadaly işleýändigi bellenilýär.

“IXPE ilkibaşda özüniň rentgen görejini 17-nji asyrda ýarylan ýyldyzyň galyndylaryndan emele gelen obýekt Kassiopeýa A gönükdirdi. Partlama tolkuny töweregindäki gaz bulutlaryny ýokary temperatura çenli gyzdyryp arassalady, kosmos şöhleleriniň bölejikleriniň hereketini çaltlandyrdy we rentgen şöhlesiniň täsirinde şöhlelenýän buludy emele getirdi” – diýip, edara belleýär. 

Alymlar tarapyndan IXPE-niň kömegi bilen ulanmagy meýilleşdirilýän esasy gözleg usuly polýarizasiýadyr. Bu kosmosdaky hereketi boýunça rentgen şöhleleriniň ugruna syn etmegiň bir usulydyr. Ýagtylygyň polýarizasiýasy ýagtylygyň nireden gelendigine düşünmäge kömek edýär. Şeýle-de, barlaghananyň gurallary energiýany, giňişlikdäki nokada ýetmegiň wagtyny we kosmos obýektleri tarapyndan goýberilýän rentgen şöhleleriniň ýerleşýän ýerini ölçeýär.

1999-njy ýylda Kassiopeýa A astronomlar tarapyndan öwrenilipdi, şonda Chandra kosmiki rentgen obserwatoriýasy taryhda ilkinji gezek täze galyndynyň ortasynda gara deşik ýa-da neýtron ýyldyz bolup biljek obýektiň bardygyny anyklady.

NASA-nyň habaryna görä, IXPE missiýasynyň wezipesi rentgen şöhleleriniň çeşmelerini yzarlamakdan ybarat. Alnan maglumatlar astronomlara neýtron ýyldyzlaryň, gara deşikleriň, kwazarlaryň, pulsarlaryň we beýleki astronomik jisimleriň tebigatyna gowy düşünmäge mümkinçilik berýär. Missiýa işjeň galaktika ýadrolaryny hem öwrener.

Agramy 320 kg bolan kosmos obýektinde polýarizirlenen rentgen şöhlelenmelerini ölçemek üçin üç teleskop oturdyldy. Ol uçurylandan 33 minut soň 600 km belentlikdäki ekwatorial orbita çykaryldy.

Hemranyň hyzmat ediş möhleti iki ýyl. NASA tarapyndan Italiýanyň kosmos agentligi (ASI) bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamanyň bahasy 188 mln dollar bilen bahalandyrylýar. 


düýn 11:37
1.4k+

Her planetanyň öz owazy bar: NASA teleskop maglumatlaryny saza öwürdi

NASA-nyň hünärmenleri «Çandra» obserwatoriýasy tarapyndan alnan Ýupiter, Saturn we Uran planetalarynyň şekillerini owaz sazlaşygyna öwürdiler. Ýakynda bolup geçen planetalaryň parady döwründe ýygnalan bu ylmy maglumatlar sonifikasiýa arkaly audio görnüşine getirildi...

09.03.2026 16:05
902

NASA geljekki Aý missiýalarynda «Vulcan» raketasyny ulanmagy göz öňünde tutýar

NASA agentligi geljekki Aý missiýalary üçin möhüm bölekleri üpjün etmekde United Launch Alliance kompaniýasyny saýlamagy meýilleşdirýär. Gürrüň «Vulcan» raketasynyň «Centaur V» diýlip atlandyrylýan ýokarky bölegi barada barýar...

09.03.2026 12:18
2k+

Aý howp astynda däl: NASA-nyň hasaplamalaryna görä 2024 YR4 asteroidi onuň gapdalyndan geçer

NASA-nyň Ýere golaý asman jisimlerini öwreniş merkeziniň hünärmenleri 2024 YR4 asteroidiniň hereket ugruny anykladylar we onuň 2032-nji ýylda Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyny doly aradan aýyrdylar. Ozal 2032-nji ýylyň 22-nji dekabrynda urgy bolmak ähtimallygy 4,3% diýlip çaklanylypdy...

08.03.2026 12:33
1.1k+

NASA-nyň inženerleri Aý tozanyndan kislorod almagy öwrendiler

NASA Aý tozanyndan — regolitden kislorod almagyň täze usulyny görkezýän barlaglaryň netijelerini tanyşdyrdy. Agentligiň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bu täze açyş geljekki Aý missiýalarynda möhüm peýda berip biler...