Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli halkara maslahat we sergi geçiriler

  • 20.02.2022 02:04
  • 7.7k+

Halkara zenanlar güni mynasybetli 1-2-nji martda Söwda-senagat edarasynda “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara maslahaty we sergini geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Bu barada 18-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu halkara foruma ýurdumyzyň döredijilik işgärleri bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň hem meşhur suratkeşleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Baýramçylygyň öň ýanyndaky günlerde dürli dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň ýurdumyzda uly hormat-sarpadan peýdalanýan zenanlar barada hemişe alada etjekdigini, olaryň bagtly bolmagy üçin ähli şertleri döretjekdigini, zähmetini we hukuklaryny hemmetaraplaýyn gorajakdygyny nygtady.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......