Türkmenistandaky nebiti gaýtadan işleýän iri zawodlary ösdürmegiň strategiýasy taýýarlanylýar

  • 19.02.2022 23:57
  • 3.5k+

Häzirki wagtda “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ösüşiniň konseptual strategiýasy” atly tehniki-ykdysady esaslandyrmany işläp düzmek boýunça anyk çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, 18-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ş.Abrahmanow türkmen Liderine daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen degişli halkara bäsleşigiň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, işlenilip taýýarlanylýan tehniki-ykdysady esaslandyrma laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň mümkinçiliklerini we ösüşiniň geljekki ugurlaryny kesgitlemek, hereket edýän tehnologik desgalary kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem dünýä bazarynyň nebit, nebithimiýa önümleriniň görnüşlerine bolan isleglerine hem-de çig mal gorlarynyň ýagdaýyna görä täze gurulmaly desgalary anyklamak, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny ýokarlandyrmak we ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz önümçiligi döretmek göz öňünde tutulýar.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...