GM apreliň başynda Chevrolet Bolt elektromobilleriniň önümçiligini dikelder

  • 18.02.2022 13:52
  • 5.1k+

General Motors amerikan awtoöndürijisi aprel aýynyň başynda Chevrolet Bolt elektromobiliniň önümçiligini gaýtadan dikeltmegi we awtoulaglary sarp edijilere satmak üçin awtodilerlere iberip başlamagy meýilleşdirýär. 

Geçen ýylyň tomsunda kompaniýa ýanma sebäp bolup biljek akkumulýatordaky kemçilikler sebäpli bu ulaglaryň önümçiligini togtatdy diýip, “The Wall Street Journal” neşiri habar berýär. Iýul aýynyň ahyrynda GM soňky bäş ýylda öndürilen 142 müň Chevrolet Bolt elektromobilini yzyna gaýtarýandygyny habar berdi.

Sentýabr aýynda GM Günorta Koreýanyň LG Electronics Inc. akkumulýator öndürijisiniň önümçilik kemçiligini düzedip, 142 müň elektromobilde çalyşmak üçin diler merkezlerine täze batareýalary iberip başlandygyny aýtdy. 

GM 13 akkumulýatoryň ýanma hadysasyndan habarly. LG tarapyndan geçirilen derňewlerden soň, munuň esasy sebäbiniň akkumulýatordaky iki önümçilik kemçiliginiň bolandygy belli boldy.


düýn 15:49
1.7k+

Ford ýylyň başyndan bäri ABŞ-da 11 milliondan gowrak ulagy yzyna çagyrdy

2026-njy ýylyň başyndan bäri «Ford» konserni ABŞ-da jemi 11,27 milliondan gowrak awtoulaga täsir eden 50 sany yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu barada «Motor1» neşiri habar berýär....

24.06.2026 18:36
4.7k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......