Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygyna badalga berdi

  • 18.02.2022 11:45
  • 17k+

17-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň başlanýan ýerine tarap ugranda, türkmen Lideri ýolugra Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri synlady. Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, täze awtomobil ýolunyň gapdalyndaky ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri synlady we Babadaýhan etrabynyň Ýusup Gurbanow adyndaky daýhan birleşigine degişli ýerde ýeralma ekişini geçirýän mehanizator we kärendeçi daýhan bilen söhbetdeş boldy.

Soňra döwlet Baştutany Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygynyň başlanýan ýerine geldi. Bu ýerde ýol gurluşygynda ulanylýan kuwwatly tehnikalar görkezildi. Gurbanguly Berdimuhamedow tehnikalaryň görnüşleri bilen tanşyp, bu ýerdäki ýol gurluşykçylaryň ýanyna baryp, olar bilen gürrüňdeş boldy.

Soňra türkmen Lideri ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginde asfalt örtügini düşemek işlerine girişmäge ak pata berdi. Şeýle hem döwlet Baştutany bu ýerde täze awtomobil ýolunyň geçjek ugurlarynyň çyzgylary, ýoluň ugrunda bina edilýän desgalar, awtoulag serişdelerine tehniki taýdan hyzmat edýän bölümler barada giňişleýin maglumat berýän çyzgylar we taslamalar bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 203 kilometr bolan birinji tapgyrynyň geçýän ugrunyň, onda döredilen durmuş maksatly desgalaryň, kiçi töleg terminallarynyň we hyzmat ediş bölümleriniň taslamalary barada hasabat berdiler. Görkezilen taslamalaryň hatarynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň demir ýoluň üstünden geçýän geçelgeleriniň görnüşleri, sil suwlary üçin niýetlenen ötükler, şeýle hem Mary welaýatynyň çäklerinde Garagum derýasynyň üstünden guruljak köprüleriň görnüşleri we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.

Döwlet Baştutany Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly bilen Aşgabada gidip barşyna, onuň Aşgabat — Tejen böleginiň ugrunda ýerleşýän “Kerwensaraý” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky awtomobillere ýangyç guýujy bekede gelip, bu ýerdäki işgäriň iş we durmuş şertleri, maşgala ýagdaýy bilen içgin gyzyklandy. 


düýn 22:55
235

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......