Türkmenistanda şu ýyl 30 müň gektara ýazlyk ýeralma ekiler

  • 16.02.2022 12:34
  • 3.9k+

15-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň dowamynda ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ýaz ekişine görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri gezekli-gezegine hasabat berdiler. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaz ekişine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu güne çenli ekiş geçiriljek meýdanlaryň 82,5 göteriminde sürüm işleri ýerine ýetirildi. Şol bir wagtyň özünde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny taýýarlamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar.

Wise-premýer hasabatyň dowamynda şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 10 müň gektar meýdana ýazlyk soganyň ekiljekdigini, şu güne çenli bu ugurda bellenen meýilnamalaryň 60,5 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Şeýle hem şu ýyl jemi 30 müň gektara ýazlyk ýeralma ekmek meýilleşdirilýär. Umuman, 2022-nji ýylda ýeralma we gök-bakja ekinleri 106 müň gektara ekiler. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini şertlendirer.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......