Awstraliýanyň häkimiýetleri koalalary ýitip barýan görnüşleriň sanawyna girizdi

  • 15.02.2022 19:46
  • 4.9k+

Awstraliýanyň Gündogar kenarynda koalalar üçin döwlet goragynyň derejesi ýokarlandy. Bu barada Daşky gurşawy goramak ministri Sýuzan Leý habar berdi.

Soňky ýyllarda koalalar gurakçylyk we howply tokaý ýangynlary sebäpli ejir çekýärler. Mundan başga-da, şäherleşme we oba hojalyk ýerleriniň köpelmegi koalalaryň ýeke-täk mekany bolan ewkalipt tokaýlarynyň ep-esli böleginiň ýitmegine getirdi.
Resmi maglumatlara görä, Täze Günorta Uels we Kwinslend ştatlarynda koalalaryň populýasiýasy soňky 20 ýylda degişlilikde 60% we 50% azaldy. Bu görnüş 2019-2020-nji ýyllarda bolan tokaý ýangynlarynyň netijesinde hasam zyýan çekdi. 
2020-nji ýylda geçirilen parlament derňewleri koalalaryň sanyny köpeltmek üçin degişli çäreler görülmese, olaryň 2050-nji ýyla çenli ýitip ýok boljakdygyny görkezdi. Hökümet koalalary sanamak programmalaryna, olaryň barlagy we bejergisi üçin 50 mln Awstraliýa dollaryny bölüp bermegi wada berýär.


22.04.2026 17:08
7.3k+

22 sagatlap howada bolmak isleýänlere: Qantas dünýäniň iň uzak uçuşlaryny taýýarlaýar

Awstraliýanyň Qantas awiakompaniýasy awiasiýa taryhynda iň dowamly täjirçilik uçuşlaryny amala aşyrmaga taýýarlanýar. Täze gatnawlar Sidneý şäherini London we Nýu-Ýork bilen birleşdirer....

20.04.2026 14:53
12k+

91 ýaşynda ata boldy: Awstraliýanyň ýaşaýjysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Awstraliýaly Çarlz Smit dünýäde ilkinji gezek ata bolan iň garry erkek adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi. Agtygy Aýlanyň dünýä inen pursatynda Smitiň ýaşy 91 ýyl 209......

18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

16.01.2026 15:32
1.3k+

Meta Awstraliýany ýetginjekler üçin sosial torlary gadagan edýän kanuna gaýtadan seretmäge çagyrýar

Meta Awstraliýany 16 ýaşdan kiçi ýetginjeklere sosial torlary ulanmagy gadagan edýän dünýäde ilkinji kanuny gaýtadan gözden geçirmäge çagyrýar. Kompaniýa täze kanuna laýyklykda 544,000-den gowrak hasaby bloklady» diýip CNA habar berýär...