«Ýewrowideniýe – 2022-niň» alypbaryjylary belli boldy

  • 13.02.2022 10:39
  • 4.2k+

Şu ýyl Italiýanyň Turin şäherinde geçiriljek “Ýewrowideniýe” bäsleşigini alypbaryjylaryň atlary belli boldy. eurovision.tv saýtynyň habar bermegine görä, alypbaryjylar Laura Pauzini, Alessandro Kattelan we Mika bolar. Zehinli üçlük 10, 12 we 14-nji maýda geçiriljek “Ýewrowideniýe – 2022-niň” ýarym finalyny we grand-finalyny alyp barar. 

Häzirki wagtda Laura Pauzini Italiýanyň iň meşhur aýdymçylarynyň biridir. Ol “Gremmi” halkara bäsleşiginiň ençeme gezek ýeňijisi boldy. Onuň ýany bilen alypbaryjy güýmenje şüweleňlerini dörediji we alypbaryjy Alessandro Kattelan boldy. Ol Total Request Live, Le Iene we The X Factor (Italiýa) ýaly programmalar bilen tanalýar. Alypbaryjylar düzümini asly Liwandan bolan britaniýaly sazanda Mika jemleýär. 2007-nji ýylda ol “Grace Kelly” aýdymynyň üsti bilen dünýäde esasy pop-sensasiýasyna öwrüldi.

Italiýa “Ýewrowideniýe” bäsleşiginiň eýýäm iki gezek eýesi boldy. 1965-nji ýylda bäsleşik Neapolda, 1991-nji ýylda Rimde geçirildi.


düýn 01:10
2.2k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 00:48
2.9k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

17.05.2026 14:15
6k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 12:10
3.4k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ähli finalçylary belli boldy

Wenanyň «Wiener Stadthalle» arenasynyň sahnasynda geçirilen iki sany saýlama tapgyryň netijeleri boýunça «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşjaklaryň ählisi kesgitlendi....