Gazagystanyň ykdysadyýeti 2021-nji ýylda 4% ýokarlandy

  • 10.02.2022 16:23
  • 3.5k+

Gazagystanyň ykdysadyýeti geçen ýylyň jemi boýunça 4 göterim ýokarlandy. Bu barada prezident Kasym Žomart Tokaýew giňişleýin hökümet mejlisinde aýtdy diýip, “Kazinform” halkara habarlar agentligi habar berýär.

“Geçen ýylyň jemi boýunça ýurduň ykdysadyýeti 4% ösdi. Önümçilik senagaty 5,5%, gurluşyk senagaty 7,6% ýokarlandy. Hyzmatlar gurşawynda hem oňyn tendensiýa hasaba alynýar. Söwda 9,2%, transport pudagy 3,6% ýokarlandy” – diýip, Kasym Žomart Tokaýew aýtdy. Şol bir wagtyň özünde prezident inflýasiýanyň 8,4 göterime deň bolandygyny belledi.

“Gynansak-da, ýanwar wakalary durnukly durmuş üpjünçiligini düýpgöter üýtgetdi. Bikanun hereketleriň netijesinde köp raýatlar zyýan çekdi. Kiçi we orta biznes wekilleri hem ýitgi çekdiler. Häzirki maglumatlar boýunça, biznese 100 mlrd teňňeden gowrak möçberde zyýan ýetdi” – diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi.


şu gün 13:44
448

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 17:29
9k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.5k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......