Berdimuhamedowyň "Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi" kitaby koreý dilinde çapdan çykdy

  • 08.02.2022 01:07
  • 6.2k+

7-nji fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaktorlary we žurnalistleri, şeýle-de göni wideoaragatnaşyk arkaly Koreýa Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Kuliýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-Çul, “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory K.Rejepow, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary dabarada çykyş etdiler. Şeýle-de çärä göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Merkezi Aziýa - Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň direktory Li Çon Guk we «Merkezi Aziýa - Koreýa» Dostluk Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Li Ok Rýon dagylar gatnaşdylar.  

Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ýubileý senesini – 30 ýyllygyny aýratyn bellemek bilen, çärä gatnaşyjylar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depgine eýedigini aýratyn nygtadylar. Çykyş edenler bu kitabyň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň taryhyna ýene bir goşant bolandygy barada bellediler.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......