Nebitiň bahasy ýokarlanmagyny dowam etdirýär

  • 07.02.2022 09:15
  • 5k+

Nebitiň etalon markalarynyň bahalary anna güni gündiz ýokarlanmagyny dowam etdirip, söwdanyň dowamynda Brent bilen WTI-niň bahasy barreline 92 dollardan geçenden soň ýedi ýyllyk iň ýokary derejäni täzelediler. Bu barada Interfaks-a salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Brent nebiti üçin aprel fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda anna güni 16:40-a çenli barreline 92,8 dollar boldy, bu öňki sessiýanyň ýapylyş bahasyndan 1,69 dollar (1,85%) ýokarydyr. 
Mart aýy üçin WTI nebitiniň fýuçers bahasy Nýu-Ýorkuň haryt biržasynyň (NYMEX) elektron söwdasynda bu wagta çenli barreline 92,01 dollar boldy, bu hem penşenbe günündäki sessiýanyň ahyrky bahasyndan 1,29 dollar (1,9%) ýokarydyr.
WTI-niň bahasyna ABŞ-daky garly howa täsirini ýetirýär. “Bahalaryň ýokarlanmagy Perm basseýninde nebit önümçiligini togtatmak baradaky aladalary güýçlendirýän Tehasdaky sowuk howa bilen baglanyşyklydyr. Bir ýyl ozal sebitde adatdan daşary sowuk howa önümçilikde bökdençliklere getirdi” – diýip, Commerzbank-yň analitigi Karste Fritç aýtdy.
Tennessi, Arkanzas we Tehas amerikan ştatlarynda penşenbe güni buzly ýagşyň yzyndan garyň ýagmagy sebäpli 350 müňe golaý öý we kärhana elektriksiz galdy. 


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......