WTI nebitiniň bahasy 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 90 dollardan geçdi

  • 06.02.2022 12:27
  • 2.5k+

Etalon markalarynyň nebit bahalary anna güni söwdanyň dowamynda ýokarlanmagyny dowam etdirýär, WTI nebitiniň bahasy hem 2014-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri ilkinji gezek bir barrel üçin 90 dollardan geçdi. Bu barada INTERFAX.RU habar berýär.

Brent nebiti üçin aprel fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda anna güni Aşgabat wagty bilen 10:12-ä çenli bir barrele 91,56 dollar boldy, bu geçen sessiýanyň ýapylyş bahasyndan 0,45 dollar (0,49%) ýokarydyr. Penşenbe güni geçirilen söwdanyň netijesinde bu şertnamalar 1,64 dollar (1,8%) – bir barrele 91,11 dollara çenli gymmatlady.

Mart aýy üçin WTI nebitiniň fýuçers bahasy Nýu-Ýorkuň haryt biržasynyň (NYMEX) elektron söwdasynda bu wagtda barreline 90,92 dollara barabar boldy, bu bolsa penşenbe günündäki sessiýanyň ahyrky bahasyndan 0,65 dollar (0,72%) ýokarydyr. Bir gün öň bu şertnamalaryň bahasy 2,01 dollara (2,3%), ýagny barreline 90,72 dollara çenli ýokarlandy.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......