Berdimuhamedow we Si Szinpin özara gatnaşyklary ähli ugurlarda ösdürmek boýunça pikir alyşdy

  • 05.02.2022 19:03
  • 11k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, 5-nji fewralda HHR-iň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy geçirildi.

Hytaý tarapy Türkmenistanyň Baştutanyna Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş darabasyna gatnaşmak üçin iberilen çakylygy kabul edendigini hem-de çärä gatnaşandygy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. 
Türkmenistanyň we Hytaýyň ýolbaşçylarynyň söhbetdeşligi strategik häsiýeti we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň baý gün tertibi bilen tapawutlanýan özara hereketleriň ähli ugurlaryny öz içine aldy.
Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň işjeň gepleşikleriniň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Pekine sapary soňky ýyllarda hil taýdan täze dereje çykan hem-de mazmun taýdan baýlaşdyrylan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde nobatdaky netijeli ädim bolar. Türkmenistanyň Prezidenti özara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn, şol sanda köptaraplaýyn derejelerde hem işjeň ösüşini kanagatlanma bilen belläp, geçen 30 ýylyň dowamynda taraplaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hereketleriň strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygyny nygtady.  
Taraplar şeýle-de gaz ulgamy, söwda, ulag häzirki zaman telekommunikasiýa tehnologiýalary, sanly ykdysadyýet, kosmonawtika we beýleki geljegi uly bolan ugurlardaky gatnaşyklaryň has-da ýygjamlaşdyrylmagynyň zerurdygyny aýtdylar. 


düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......