Pekinde bolýan M.Çakyýew hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyklary geçirdi

  • 05.02.2022 07:44
  • 13k+

4-nji fewralda Pekinde iş saparynda bolýan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hytaýyň birnäçe kompaniýalarynyň wekilleri bilen onlaýn görnüşde duşuşyk geçirdi. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.

“China Civil Engineering Construction Corporation” korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşykda Hytaýyň eksport-import ýüklerini has amatly ugur boýunça Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirmegiň, demir ýollar arkaly daşalýan üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmagyň, şeýle hem şu pudagyň teplowoz we ýolagçy wagonlaryna gerek bolan ätiýaçlyk şaýlary ibermegiň hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

HHR-iň iri maşyngurluşyk kompaniýalarynyň biri bolan “China Machinery Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň ýurdumyzda amala aşyrylýan gämigurluşyk taslamalaryny maliýeleşdirmek we hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýändigi barada aýdyldy.

Hytaý ulag-aragatnaşyk assosiasiýasynyň ýanyndaky Halkara konteýner demir ýol ulaglaryny gurnamak işleri boýunça utgaşdyryjy merkeziň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşiklerde hytaý tarapy ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirdi. Mundan başga-da, Ýewropa we Türkiýe ugurlary boýunça Türkmenistanyň çäginden ýük konteýner demir ýol ulaglaryny geçirmek hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 11:41
2.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......