Türkmenistanyň we Hytaýyň Liderleri 4 ýyldan soň Pekinde ýüzbe-ýüz gepleşikleri geçirerler

  • 05.02.2022 00:39
  • 9.3k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, 4-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Pekinde geçirilýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ertir — 5-nji fewralda Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň Liderleri ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirerler. Bu barada HHR-iň daşary işler ministri Wan I Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen HHR-iň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. Bu duşuşyk iki ýurduň Liderleriniň soňky 4 ýylda ilkinji gezek ýüzbe-ýüz görnüşde geçirýän gepleşigi bolar.

Hytaýyň Baş diplomatynyň sözlerine görä, iki ýurduň Liderleriniň duşuşygy uzak möhletleýin, durnukly ösüşi gazanmakda möhüm orun eýeläp, energetika, tebigy baýlyklary gazyp almak, lukmançylyk, ulag we medeniýet bilen bagly ugurlarda derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer. 


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......