Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Pekine gitjek wekiliýet gelenden soň karantinde bolar

  • 03.02.2022 23:53
  • 16k+

3-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen barýandygy sebäpli, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi bu toparyň başlygynyň orunbasary - saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň üstüne ýükleýändigini aýtmak bilen, degişli resminama gol çekdi.

Türkmen Lideri wise-premýer S.Toýlyýewden Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň Düzgünnamasyna laýyklykda, sapardan gaýdyp gelnenden soň nähili hereket etmelidigi barada teklibini bermegi sorady. Wise-premýer Düzgünnama laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirmek üçin sapardan gelnenden soň hökmany suratda karantin çärelerini berjaý etmelidigini aýtdy. 

Bellenilişi ýaly, bu çäreleriň iň gysga wagty 3 gün, ortaça wagty 10 gün, iň wajyp wagty bolsa 21 gün bolmaly. Şundan ugur alyp, döwlet Baştutany: «Biz karantin çäreleriniň haýsy hem bolsa birini berjaý edip, arassaçylyk talaplaryna görä, iň azyndan 3 gün, ýagny ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günlerinde karantinde bolmaly bolarys» diýip nygtady.


düýn 11:41
2.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......